Ýakynda Türkmenbaşy jins toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň we Türkmenbaşy jins toplumynyň Zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzda bolýan özgertmeleri ýaşlara ýetirmek we olaryň boş wagtlarynda zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen Türkmenbaşy jins toplumynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda «Bu gün gülläp Magtymgulynyň şygary, ýaşlar öňe barýar ak bagta sary» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda dana şahyr Magtymguly Pyragynyň eden arzuwlarynyň bu gün amala aşandygy, ýurt binamyzyň gaýym gurulmagynyň we biziň asuda durmuşda ýaşamagymyzyň mysalynda beýan edildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanmyzyň halkara abraýyny belende götermek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ösdürmek, il-günüň durmuş ýagdaýyny gowulandyrmak uly işleri durmuşa geçirýändigi bellenilip geçildi.
Duşuşygyň ahyrynda ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Güljahan HOJAMMAÝEWA,
Türkmenbaşy jins toplumynyň
Magtymguly adyndaky ilkinji
Ýaşlar guramasynyň uly buhgalteri.