Şu günler Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Aşgabat” gazetiniň redaksiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnan “Bitaraplyk – bagtymyz” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Bäsleşigiň jemlerine laýyklykda, Baş baýraga “Aşgabat” gazetiniň bölüm redaktory Maýagözel Goşaýewa, 1-nji orna Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Döwletmyrat Orazmyradow, 2-nji orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano» fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Kuwwat Ýowbasarow, 3-nji orna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Gunça Seýidowa dagylar mynasyp boldular. Ýeňijilere gurnaýjylar tarapyndan sowgatlardyr Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň ýaşlarynyň ukyp-başarnyklarynyň, döredijilik zehinleriniň doly açylmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutumly işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.