Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebinde talyplaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler adam saglygyna howp salýan partlaýjy we pirotehniki serişdelerini ýasamaklygyň, satmaklygyň we partlatmagyň gadagandygyny, onuň ynsan saglygyna, şeýle-de jemgyýete ýetirip biljek zyýany hakynda, giňişleýin gürrüň berdiler. Mundan başga-da, ýaş nesillerde sporta bolan höwesi artdyrmak, ýaramaz endiklerden daşda durmak, jemgyýetçilik ýerlerinde tertip-düzgüni berjaý edilmek, sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýermek dogrusynda nygtap geçdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesillerimiziň jemgyýete gerekli adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Gülaýym AŞYROWA,
TMÝG-niň Berkararlyk etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.