BITARAPLYK — TYLLA TÄJIM

     Milli senenamamyzda aýratyn orun alan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Dänew etrap häkimligi hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Oňa hormatly il ýaşululary, mährem enelerimiz, syýasy jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar.

     Etrabyň «Gala» toý mekanynda «Bitaraplyk — tylla täjim» diýen at bilen guralan bu baýramçylyk çäresiniň dowamynda döwletimiziň gün-günden beýgelýän halkara abraýy, hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerimiz, ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň üstünlikleri dogrusynda ildeşlerimiziň ýürek buýsançlary diňlenildi. Çykyşlarda şanly ýylymyzda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny bezän guwandyryjy wakalar, gazanylan üstünlikler dogrusynda hem gürrüň edildi. Soňra baýramçylyk dabarasy etrabyň medeniýet-sungat ussatlarynyň, çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň joşgunly çykyşlary bilen utgaşdy. Ýerine ýetirilen ajaýyp aýdym-sazly çykyşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlar bolup ýaňlandy.

 

Maýa BEŞIMOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Noýabr 2025 | 45 okalan

WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

03 Noýabr 2025 | 65 okalan

SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI

03 Noýabr 2025 | 56 okalan

KÄMIL ÝAŞLAR RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR