TARYHY-MEDENI GYMMATLYKLARYŇ GORAGLYLYGY UGRUNDA

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhrady, abraý-mertebesi bütin dünýäde has belende galýar. Eziz Diýarymyzyň ähli ugurlarda gazanýan uly üstünlikleri dost-doganlyk ýurtlar bilen ýola goýýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary netijesinde türkmen döwletiniň ösüş mümkinçiliklerine giň ýol açylyp, sebit we halkara derejesindäki gatnaşyklary has-da pugtalanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen ählumumy parahatçylyga gönükdirilen Kararnamalaryň onlarçasynyň kabul edilmegi bolsa durnukly ösüşe, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan türkmen Bitaraplygynyň milli ýörelgelerine eýerilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Dünýä halklarynyň ýaşaýyş durmuşyny gowulandyrmaga, ykdysady ösüşleri gazanmaga, halkara hyzmatdaşlygyny, sporty, sagdyn durmuşy ösdürmäge, ekologiýa howpsuzlygyny, saglygy goramaga gönükdirilýän bu başlangyçlar Türkmenistanyň nurana geljegi nazarlanýan ýurt hökmündäki abraýyny has-da belende galdyrýar. Ýaňy-ýakynda-da biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi-de halkymyzy begendiren wakalaryň ýene biri boldy.

     Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda BMG-niň iň abraýly düzümleriniň biri bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişli edilýär. Ýurdumyzyň çägindäki taryhy ojaklaryň birnäçesiniň, şeýle hem milli sungatymyzyň gaýtalanmajak gymmatlyklarynyň käbirleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünyä mirasynyň sanawyna goşulmagy-da halkymyzyň şöhratly taryhynyň ähmiýetinden habar berýär. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri hem onuň iň işjeň agzalarynyň biri bolup durýar. Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklaryny gorap saklamak boýunça köpugurly işler we dürli çäreler geçirilýär. Biz hem golaýda welaýatymyzyň Köýtendag etrabynyň 4-nji orta mekdebinde okap bilim alýan ýaşlar bilen şeýle çäreleriň birini geçirdik. «Türkmenistan — ÝUNESKO: taryhy-medeni gymmatlyklaryň goraglylygy ugrunda» diýen at bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşykda ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklarymyz barada giňişleýin söhbet edildi. Şeýle hem halkymyzyň baý geçmiş taryhyny öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde açylan ÝUNESKO kafedralarynda ýaşlaryň işjeňlik görkezýändigi nygtaldy. Duşuşykda edilen çykyşlarda bu işleriň halkara bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň öňe ilerlemeginde hem aýratyn ähmiýete eýedigi uly buýsanç bilen bellenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar geljekde Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da giň gerime eýe boljakdygyny bellediler. Çünki häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän güneşli ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleriniň, halkymyzyň milli däpleriniň birnäçesini ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

 

Şahnoza GAPPAROWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag

etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI