TARYHY ÝERLERE GEZELENÇ GURALDY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly ýolbaşçylygynda bäş müňýyllyk taryhy bolan halkymyzyň şöhratly geçmişinden söz açýan, medeni mirasymyzyň gymmatlyklaryny subut edýän taryhy ýerleri we medeni ojaklary öwrenmek, olaryň ähmiýetini halkyň arasynda wagyz etmek ugrunda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Biz hem bu ugurdaky işlere öz mynasyp goşandymyzy goşmak, ýaşlary milli mirasymyza, taryhymyza hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen etrabymyzyň ýaşlarynyň arasynda dürli mazmunly çäreleri yzygiderli geçirýäris. Şeýle hem ýurdumyzyň ýaşlarynyň milli mirasymyzyň, medeniýetimiziň, edebiýatymyzyň we sungatymyzyň ösmegine goşantlaryny goşmaklaryny gazanmak maksady bilen etrabymyzyň çägindäki taryhy we medeni ojaklara-da ýygy-ýygydan gezelençleri guraýarys. Golaýda şeýle gezelençleriň birini etrabymyzyň Magtymguly obasynda ýerleşýän Idris baba medresesine hem guradyk. Halaç etrabynyň bilim bölüminiň işgärleriniň hem-de okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda «Taryha syýahat we ruhy miras» diýen at bilen guralan bu gezelenç diýseň täsirli boldy. Gezelenjiň dowamynda söz ussadynyň beýik ägirdi Magtymguly Pyragynyň okap bilim alan ýeri bolan Idris baba medresesi bilen baglanyşykly edilen täsirli gürrüňler ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Şeýle hem gezelenjiň dowamynda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar nusgawy edebiýatymyzyň ägirdi Magtymguly Pyraga, berkarar döwletimize, şanly ýylymyza, halkymyzyň şöhratly taryhyna bagyşlap döreden şygyrlaryny okadylar.

     Bagtyýar ýaşlar halkymyzyň ruhy we medeni gymmatlyklaryny öwrenmäge, olary gorap saklamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyklaryny beýan etdiler.

 

Ýaraş HAÝYTOW,

TMÝG-niň Lebap welaýat

Halaç etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar