Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň bilelikde guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk – buýsanjymyz, bagtymyz» ady bilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Onda ýerine ýetirilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler dogrusynda hem-de hemişelik Bitaraplyk derejämiziň ýurdumyzda we dünýäde dost-doganlygy, agzybirligi, parahat ýaşaýyşy üpjün etmekdäki ähmiýeti dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi.
Olarda bellenilişi ýaly, hemişelik Bitaraplyk hukuk esasymyza daýanylyp, dostluk hem-de ynanyşmak häsiýetine eýerilen ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täzeçe many-mazmuna eýerilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan parahatsöýüjilikli içeri hem daşary syýasaty häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Bu günki gün biziň döwletimiziň adamzadyň ählumumy bähbitlerine, hormatyna gönükdirilen syýasatyny dünýä goldaýar.
Mekan AMANLYÝEW,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygy.