ALYM ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ATLY TÄZE KITABYNYŇ ÄHMIÝETI DÜŞÜNDIRILÝÄR

     Düýn «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyny dabaralandyrmak hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň ähmiýetini ýaşlar köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgy edildi.

     Onda ýerine ýetirilen çykyşlarda Milli Liderimiziň döwet galamyndan syzylyp çykan ajaýyp eseri – «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň ähmiýeti dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi. Olarda bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň eserleri häzirki döwrüň halkara durmuşynyň  köpsanly çylşyrymly sowallaryna jogap bermäne, ýurdumyzyň dünýä derejesinde alyp barýan işlerinde öňe sürýän çuňňur syýasatyna, öňde goýýan maksatlaryna we wezipelerine aýdyň düşünmäge ýardam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň köpdürli eserlerinde beýan edilýän pikirdir garaýyşlar döwletli döwranymyza, şöhratly taryhymyza, medeniýetimize, sungatymyza söýgimizi has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň her bir eserinde döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň pugtalandyrylmagy babatdaky meseleler bilen birlikde, watansöýüjilige, ahlak terbiýesine, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine aýratyn ähmiýet berilýär. Alym Arkadagymyzyň paýhas dürdänelerini özünde jemleýän ajaýyp eserlerinde kitap okamagyň, esasanam, gowy kitaplary we eserleri okamagyň geljegimize oňyn täsiriniň, ummasyz peýdasynyň bardygy tekrarlanylýar.

     Şeýle hem çykyşlarda ajaýyp eserleri bilen halkymyzy begendirip durýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.

 

Mämmedaly ORAZALIÝEW,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar