WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

     Her bir şanly senäni, toýdur dabaralary ýokary guramaçylykly geçirmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mejlisler jaýynda geçirilen çäre hem hut şundan ugur alyndy. Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylykly geçirmek we bu işlere ýaşlary işjeň çekmek, jemgyýetçilik tertip-düzgünini berjaý etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu duşuşyk oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

     Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu wagyz-nesihat çäresinde çykyşlara giň orun berlip, bagtyýar talyp ýaşlara öwüt-nesihatlar edildi.

     Olaryň zyýanly endiklerden daşda durmagy, ýaramaz gylyk-häsiýetleri aýyrmaklary üçin sport bilen meşgullanmaklary, okamak, öwrenmek, döretmek bilen Watana wepaly nesiller bolup ýetişmekleri üçin sargytlar edildi. Şeýle hem bu ugurda nusgalyk göreldesini görkezýän hem-de ýaş nesiller üçin ähli döwrebap mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar