Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň, aýratyn-da ýaşlaryň, körpe çagalaryň aň-paýhasynyň kämil, ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan habarly adamlar bolmaklygyny gazanmak babatda zerur tagallalar amala aşyrylýar. Şeýle işlerde Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan, çuňňur paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp eserleri nusgalyk mekdep bolup durýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň her bir eserinde döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň pugtalandyrylmagy babatdaky meseleler bilen birlikde, watansöýüjilige, ahlak terbiýesine, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine aýratyn ähmiýet berilýär. Alym Arkadagymyzyň paýhas dürdänelerini özünde jemleýän ajaýyp eserlerinde kitap okamagyň, esasanam, gowy kitaplary we eserleri okamagyň geljegimize oňyn täsiriniň, ummasyz peýdasynyň bardygy tekrarlanylýar.
30-njy noýabrda Arkadag şäheriniň häkimliginde çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan Milli Liderimiziň halkymyza sowgat beren täze «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz zähmet rugsadynda — dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgul bolýar. Şöhratly taryhymyzdan we türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlygyna eýe bolan eserlerinden söhbet açýan bu kitap Milli Liderimiziň bize beren peşgeşidir.
Bu eserde Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlary beýan edýär. Milli Liderimiz biziň her birimiziň baý edebi mirasymyza, berkarar döwletimiziň gazanýan ösüşlerine buýsanmaga hem guwanmaga haklydygymyzy aýratyn nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň sözleri bilen aýtsak, biz beýik döwletdiris. Beýik döwletiň bolsa beýik milleti bardyr.
Dogrudan-da «Döwlet gurjak bolsaň türkmeni çagyr» diýdiren milletimiz bar. Taryhymyzy we taryhy şahsyýetlerimizi öwrenmekde we türkmen edebiýatynyň ägirdi dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine akyl ýetirmekde bu ajaýyp eseriň biz ýaşlar üçin gymmatly bilim çeşmesi bolup hyzmat etjekdigine tüýs ýürekden ynanýarys.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.