Şu gün Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mejlisler jaýynda jemgyýetçilik tertip-düzgünini berjaý etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu wagyz-nesihat çäresinde çykyşlara giň orun berlip, bagtyýar mekdep okuwçylaryna öwüt-nesihatlar edildi.
Olaryň zyýanly endiklerden daşda durmagy, ýaramaz gylyk-häsiýetleri aýyrmaklary üçin sport bilen meşgullanmaklary, okamak, öwrenmek, döretmek bilen Watana wepaly nesiller bolup ýetişmekleri üçin sargytlar edildi.
Şeýle hem bu ugurda nusgalyk göreldesini görkezýän hem-de ýaş nesiller üçin ähli döwrebap mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Mämmedaly ORAZALIÝEW,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň esasy hünärmeni.