Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäher birleşmesiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň baýramçylyk hökmünde halkara derejesinde giňden bellenip geçiriljekdiginden ugur alyp, täze 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak maksady bilen maslahat duşuşygy geçirildi.
Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda geçirilen bu duşuşykda ýaşlar çykyş edip, olar öz çykyşlarynda her ýyly mynasyp atlar bilen bezemek babatda alnyp barylýan özgertmeler we geljek ýyla mynasyp at dakmak we nyşanyny kesgitlemek babatda ýaşlaryň tekliplerini öwrenmek boýunça öňde durýan wezipeler barada gürrüňleri etdiler.
Bellenilişi ýaly, halkymyz gadymy döwürlerden bäri parahatçylyk we ynanyşmak sözlerine çuň many-mazmuny özünde jemleýän adalgalar hökmünde garapdyr. Munuň şeýledigini, alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda we «Türkmenistan – parahatçylyk we ynanyşmak Watany» atly goşgusynda ylmy we tejribe taýdan delillendirip, parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýeti baradaky beýan eden garaýyşlary, taryhy mysallary doly tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyz adamzadyň beýik geljeginiň parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen bina bolýandygyna ünsi çekip, halkymyzyň parahatçylyk, oňşuklylyk, ylalaşyk, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň häzirki döwürde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy we onuň pugtalanmagy bilen öz mazmunyny baýlaşdyrýandygyny belleýär.
Şular dogrusynda beýan edilen çykyşlaryň barşynda Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmenistan Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky yzygiderli tagallalary, durmuşa geçirýän beýik işleri üçin alkyş sözleri hem beýan edildi.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.