Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Dünýä medeniýeti» atly festiwal geçirildi. Ol Türkmenistandaky ÝOM-laryň ÝUNESKO kafedralary we klublary tarapyndan bilelikde guraldy.
Festiwalyň çäginde çeper sergi guraldy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" internet neşiri habar berdi.
Festiwala gatnaşjylaryň öňünde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa çykyş etdi. Ol festiwala gatnaşyjylary Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen çäreler barada gürüň berdi.
Soňra Magtymguly adyndaky TDU-nyň, D.Azady adyndaky TMDDI-niň hem-de M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň wekilleri öz hasabatlary bilen çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda myhmanlar talyplaryň ýerine ýetirmeklerinde guralan konserte tomaşa etdiler.
12.12.2024 ý.
turkmenportal.com