MERTLIK MEKDEBI

 Şu ajaýyp ýyllarda, taryhy ähmiýetli wakalaryň dowam edýän günlerinde biziň her birimiziň ykbalymyz bilen dahylly pursatlar örän köp. Şolaryň birem bütin halkymyzyň buýsanjyny goşalandyran ýene-de bir ajaýyp waka — Gahryman Arkadagymyzyň “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynyň elimize gowuşmagydyr. Milli Liderimiziň pähim-paýhasyna ýugrulan täze kitap bütin halkymyzyň kalbyny galkyndyrmak bilen, biz — ýaşlar üçin gymmatly gollanma boldy. Çünki, watançylygyň hem ynsanperwerligiň beýik nusgasy bolan hormatly Prezidentimiziň merdanalyk pendine ýugrulan bu kitapda beýan edilýän wakalardan hem mälim bolşy ýaly, nusgalyk ömrüň mekdebi bar. Eziz Arkadagymyzyň kyblasy, Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň hormatly zähmet weterany, watansöýüjiligiň hem merdanalygyň, ynsanperwerligiň hem halal ýaşamagyň nusgasy bolan Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuş, zähmet ýoluny açyp görkezýän eseriň gymmaty örän ýokarydyr. «Durmuşyňyz asuda bolsun!», “Iň gymmatly miras», “Her iş gelse, il biläni», “Ynsanlyk dowamatynyň ebediligi» diýen bölümlerden ybarat bolan bu kitapda çuňňur many-mazmun, durmuş pelsepesi, ömür çelgisi bar.

 Gyzgyn sözlere, pähim-parasada, öwüt-ündewe, ýagşy arzuwlara ýugrulan bu neşir öz döwrebaplygy bilen hem tapawutlanýar. Dürli fotosuratlar we resminamalaryň nusgalary bilen baýlaşdyrylmagy bolsa bu kitabyň mazmunyny has-da pugtalandyrýar. Bu naýbaşy eseri Arkadag Prezidentimiziň öz pederleri bilen baglanyşykly bolan “Älem içre at gezer», “Döwlet guşy» romanlarynyň dowamy hökmünde hem kabul edip bolar. Çünki, bu eserlerde-de mertligiň, merdanalygyň, gaýduwsyzlygyň, ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň we ruhubelentligiň beýany bar. Görelde mekdebi, ýaşaýyş nusgasy bolan kämil şahsyýetlere bagyşlanýan eserleriň her birinde okyjyny tolgundyrýan, buýsandyrýan we joşdurýan wakalar gürrüň berilýär. Biz — ýaşlar bolsa täze kitaby okap, Arkadag Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň dabaralanmasyna, merdanalyk bilen asylly zähmet çekmäge, kämil raýat garaýyşly adamlar bolup ýetişmäge, Watanymyzy söýgi bilen goramaga bolan çagyryşlaryna nobatdaky gezek ýene bir ýola göz ýetirdik. Sebäbi, beýik adamlaryň köp ýyllyk zähmet ýolunyň wagyz edilmegi, halkymyz tarapyndan şeýle şahsyýetleriň hormatlanmagy ýaşlaryň bu işlere bolan garaýşyny kämilleşdirýär. Halkymyzyň göreldesi hasaplan ynsanlarynyň her biriniň eden işinde bolsa döwletimiziň berk binýadynyň jebisligi, bagtly geljegiň mizemezligi bar.

 Merdana ogullaryň bitiren hyzmatlarynyň ählisi eziz Watanymyzyň hatyrasyna, milletimiziň ykbalyna gönükdirilendir. Şu nukdaýnazardan hem “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitapda nesilleriň, menzilleriň ykbaly bar diýip arkaýyn aýdyp bolar. Öz halkyna, bütin adamzada göreldelik keşbiniň şeýle eserlerde görkezilmegi bolsa ol adamlaryň ebedi ömrüni alamatlandyrýar. Görelde — il ykbaly, geljegi, bütin ömri bilen bagly bolansoň, paýhasly halkymyz özüne iň kämil şahsyýetleri nusgalyk hasaplaýar. Şeýle ynsanlaryň biri bolmagy başaran, gaýrat üçin doglan mert pederlerimiziň belentligi bolsa bizi has-da buýsandyrýar. Milletiň ykrar eden nusgalyk keşbi hökmünde ýaşlykdan zähmete werziş bolup, il-halkynyň bähbidini aran, uruş ýyllarynyň agyr günlerini başdan geçirip, öz yhlasy, ukyp-başarnygy, erjelligi hem çuňňur watansöýüjiligi bilen eziz Watana uzak ýyllaryň dowamynda halal gulluk eden Mälikguly aganyň ömür menzillerini biz — ýaşlar hem durmuş ýörelgämiz hasaplaýarys. Altyn asyryň altyn eýýamynda Serkerdeligiň hem Serdarlygyň çyn nusgasy bolan Mälikguly aganyň:

Ýerlermizi depip, çöplerin çöpläp,

Zarply işläp, köp ekeliň dänäni...

diýen setirleriniň özünde zähmete bolan çagyryşlar bar.

Barça ýürek Watan bilen baglydyr,

Är ýigitler gaýrat üçin dogulýar

diýen setirlerinde bolsa, gaýrat bilen Watana ykbalyňy baglamak sargalýar.

 Şeýle-de Watan sözi dillermizden goýmalyň,

Dünýäň baýlyk-genji Watandyr, Watan!

diýip şahyrana şygyrlar bilen mähriban Diýarymyz arzylanýar.

 Peder pendine uýmagyň, ata-babalaryň ýoluny dowam etdirmegiň beýik nusgasyny görkezýän eziz Arkadagymyzyň bu kitabynyň «Aşgabat 2017-ä» barylýan günlerde halkymyza gelip gowuşmagynyň özünde-de uly many bardyr. Çünki, bu oýunlara gatnaşjak türkmen türgenlerini maksadaokgunly, gaýratly, beýik işleri bitiren şahsyýetiň keşbi arkaly we özüniň paýhas akabasy bilen ýeňşe ruhlandyrýan güýç bar. Türkmen neslini gaýrat, ezberlik hem gaýduwsuzlyk bilen ýeňiş gazanmaga çagyryş bar. Şeýle ähmiýetli, bütin halkyň, esasan hem ýaş nesilleriň aňyýetini, bilim derejesini, ynsanlyk borjuny, medeniýetini pugtalandyrmaga täsir etjek täze eseriň gadyr-gymmaty hiç haçan egsilmez. Görelde — baky ýaşaýar. Ondan nesiller ugur alýar, geljek ýagtylanýar. Merdanalyk mekdebi bilen halkyň ykbalyny özgerden, ýaşlary ýagty ýaşaýşa we asylly işlere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hemişe başy belent, işleri rowaç bolsun!

Ysmaýyl MUHAMMETDURDYÝEW,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

“Nesil” gazeti,

15.08.2017ý.

Indiki makala

Aşgabat Aziadasy

Meňzeş habarlar

16 Awgust 2025 | 828 okalan

AWAZA — DOSTLUK WE PARAHATÇYLYK DEŇZI

15 Awgust 2025 | 252 okalan

YLMA, KÄMILLIGE GIŇ ÝOL