Aşgabat Aziadasy

Ynsanperwerlik, parahatçylyk, dostanalyk, watansöýüjilik, sagdynlyk...

MILLI GÖREŞ

Sportuň milli görnüşleriniň arasynda türkmen göreşi esasy orny eýeleýär.

Türkmen milli göreşiniň halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynyň iň gyzykly bir bölegine öwrülen sungatdygyny arkaýyn aýtsa bolar. Şoňa görä-de, her bir türkmen adamsy diýen ýaly, sportuň bu görnüşiniň hem janköýeridir, hem bilermenidir, şondan gelenem, hem emin agzasydyr.

Türkmen milli göreşi,

Pälwanlara hünärdir.

Türkmen milli göreşi,

Dürli emelli tärdir.

Halkymyzyň arasynda asyrlar boýy dowam edip gelýän milli göreş tutumly toýlaryň bezegine öwrülipdir. Hatda türkmen toýlarynyň biri-de göreşsiz geçirilmändir. Beýleki göreşlerden tapawutlylykda, türkmen milli göreşinde dabanyňdan başga ähli ýeriň, hatda, eliň ýa-da dyzyň ýere çala galtaşsa-da, ýeňildigiň hasap edilýär. Şonuň üçinem, her hili ýagdaýda-da öz göwräňe erk edip bilmek, deňagramlylygyňy saklamak ýaly ukyplar milli göreşde has-da möhümdir.

Ýigitlerde gaýratlylyk, çalasynlyk, erjellik, edermenlik ýaly häsiýetleri, endikleri terbiýelemekde we sazlaşdyrmakda milli göreşiň ähmiýeti uludyr.

Soňky ýyllarda milli Liderimiziň taýsyz tagallasy netijesinde türkmen göreşini ösdürmäge uly üns berilýär we ony dünýäniň dürli künjeklerinde wagyz etmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde türkmen milli göreşi Ýewropanyň we Aziýanyň ençeme ýurtlaryna ýaýrap başlady. 2014-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda guşakly we türkmen milli göreşi boýunça ilkinji dünýä çempionatynyň geçirilmegi milli sportumyza uly abraý getirdi. Çempionata dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 200-e golaý türgen gatnaşdy. Şonda Türkmenistanyň ýygyndy topary 1-nji orny eýelemegi başaryp, jemi 45 medaly gazandy, olaryň 16-sy altyn, 14-si kümüş, 15-si bürünç medallardyr. Hut şol ýylyň noýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen türkmen milli göreşi “Aşgabat 2017” oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.

2015-nji ýylyň dekabr aýynda bolsa Russiýa Federasiýasynyň Orenburg şäherinde türkmen milli göreşi boýunça ikinji dünýä çempionaty, 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda bu göreş boýunça üçünji dünýä çempionaty geçirildi. Bu çempionatlar türkmen milli göreşiniň Russiýada hem uly meşhurlyga eýe bolup başlandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmen göreşiniň dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegi we pälwanlarymyzyň gazanýan üstünlikleri 2015-nji ýylda Aşgabatda Bütindünýä Türkmen göreşi federasiýasynyň döredilmegine badalga berdi.

Munuň özi ýurdumyzyň halkara derejesinde abraýynyň artmagyna, sport gatnaşyklarynyň berkemegine getirdi. Häzirki wagtda milli sportumyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Bar belli emelleri:

«Ýanynlamakdyr» biri.

«Çilşirmek», «Sürşme», «Ilme»,

Mahmyt pälwandyr piri.

Meger, dünýä ýüzünde

Gödekligi az göreş.

Toýlaryň gyzygydyr,

Göwne laýyk, saz göreş!

Öre DAŞGYNOW,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň işgäri.

“Nesil” gazeti,

15.08.2017ý.

Öňki makala

MERTLIK MEKDEBI

Meňzeş habarlar

16 Awgust 2025 | 839 okalan

AWAZA — DOSTLUK WE PARAHATÇYLYK DEŇZI

15 Awgust 2025 | 270 okalan

YLMA, KÄMILLIGE GIŇ ÝOL