SAGDYN NESIL – BAGTYÝAR GELJEK

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, Esenguly etrap bilim bölümi, etrap polisiýa bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabyň 5-nji orta mekdebinde okuwçylaryň arasynda Täze ýyl baýramçylygy günlerinde tertip düzgüni berk berjaý edip, partlaýjy maddalaryndan daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Çykyş edenler häzirki döwürde Türkmenistanda ýaramaz endiklere garşy göreşi güýçlendirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ykrar etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýandygyny şeýle-de, ýaşlaryň arasynda yzygiderli geçirilýän giň gerimli wagyz-nesihat çäreleri olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryna itergi berýändigini, geçirilýän wagyz-ündew çärelerimizde, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri ýaşlara zyýanly endikleriň ýaramaz netijeleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.

     «Halkymyzyň saglygy Berkarar Watanymyzyň rowaçlyklarynyň we üstünlikleriniň gözbaşydyr» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ynsan saglygyny gorap saklamak hakynda yzygiderli tagallalary edýärler. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridir. Ýaş nesilleriň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak ugrunda bimöçber işleri durmuşa ornaşdyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

 

Alfiýa ŞEMMIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

AÝDYM-SAZLY DABARA GEÇIRILDI

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY