Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz şäherindäki “Türkmeniň Ak öýi” binasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny hem-de baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, «Bitaraplyk – baky bagtymyz» atly şygar bilen “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi. Onda çykyş edenler eziz Watanymyzyň alyp barýan we üstünlikli durmuşa ornaşdyrýan “Açyk gapylar” syýasaty, türkmen Diýarynyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan dost-doganlyk gatnaşyklary, baky Bitaraplygymyzyň ülkämize berýän miweleri, mähriban halkymyzyň abadan ýurdumyzdaky owadan durmuşy dogrusynda giňişleýin hem-de buýsançly bellediler.
Wepa ESENOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň hünärmeni.