Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de medeniýet bölümi bilen bilelikde, etrapdaky medeniýet merkezinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Bitarap ýurdum – parahatçylygyň mizemez daýanjy” atly maslahat duşuşygyny geçirdi. Maslahatda edilen çykyşlarda Türkmenistanyň halkara syýasy giňişliginiň ygtybarly agzasy hökmünde açyk, parahatsöýüji, oňyn we aýdyň daşary syýasaty alyp barýandygy, sebit we halkara derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde dünýäde uly orun eýeleýändigi, özüniň Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak arkaly halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýandygy, şeýle-de, eziz Diýarymyzyň ýer ýüzüniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dostlukly, birek-birege ynanyşmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary saklaýandygy göz öňünde tutulyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararnamasy esasynda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigi dogrusynda giňişleýin bellenildi. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy eşretli, bolelin, parahat zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Farruhbek HAÝITOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Şabat etrap Geňeşiniň başlygy.