Golaýda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň baýramçylyk hökmünde halkara derejesinde giňden bellenip geçiriljekdiginden ugur alnyp, 2025-nji ýylyň şygaryny dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrap Geňeşi, etrabyň medeniýet merkezinde «Parahatçylyk – durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly maslahat duşuşygyny geçirdi. Maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar. Çykyşlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň sebitde ylalaşdyryjy merkez bolup çykyş edýändigi, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň dünýäde giňden goldaw tapýandygy, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde bolsa, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigi, şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda ýurdumyzda we sebit döwletlerinde köp sanly halkara çäreleriniň geçiriljekdigi bellenildi.
Serwi AMANOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.