TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

     Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilmegine bagyşlanyp, Mary welaýatynyň Mary myhmanhanasynda geçirilen «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy örän täsirli boldy. Mary welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda ýokary ruhubelentlikde geçirilen söhbetdeşlik baý many-mazmunly çykyşlary bilen tapawutlandy.

     Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen taryhy barada ylmy garaýyşlaryny beýan edýän «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň ýaş nesillere watançylyk, ynsanperwerlik terbiýesini bermekde, olary milli ýörelgelerimiz esasynda kemala getirmekde gymmatly gollanmadygy, şunuň bilen baglylykda, täze eseriň terbiýeçilik gymmatyny ýaşlara ýetirmekde guralýan çäreleriň ähmiýeti dogrusynda aýratyn nygtaldy.

     Tegelek stoluň başyna ýygnananlar Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň ýiti bolmagyny, şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuwlap, türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Şatlyk SERDAROW,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar