Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hem-de H.Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde guramagynda geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy Täze ýyl baýramyna bagyşlandy. «Hoş geldiň Täze ýyl, gözel Diýara!» ady bilen geçirilen baýramçylyk dabarasyna TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň işgärleri, talyp ýaşlar we mugallymlar gatnaşdylar.
Mary şäheriniň «Bagt köşgi» toý dabaralar merkeziniň dürli öwüşginli arçalar bilen bezelen ajaýyp sahnasynda H.Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary ýüreklere şatlyk paýlady. Dabaranyň dowamynda bagtyýar ýaşlaryň ýürek buýsançlary hem diňlenildi.
Dabaranyň ahyrynda halkymyzy abadan, eşretli we bagtyýar zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Resul BAÝRAMOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň başlygy.