«Aşgabat 2017-niň» altmyş bäşinji wekiliýeti

Indi, hemmämiziň bilşimiz ýaly, yklymyň sport oýunlarynyň aglabasy badalga aldy. Bu günler müňlerçe türgenler medal ugrundaky güýçdür gaýratlaryny diňe üstünlige tarap gönükdirýärler. Olar “Aşgabat 2017-niň” maksatnamasyndaky sport görnüşleriniň ählisi boýunça çykyşlarynda özleriniň ezberligini görkezýärler. Şolaryň arasynda bosgunlaryň topary hem bar. Geçirilýän oýunlar bilen bir hatarda briffinglerdir media maslahatlary hem yzygiderli guralyp dur. Şeýle maslahatlaryň biri öňňin Olimpiýa şäherçesindäki Halkara ýaýlyma beriş merkeziniň ýygnaklar zalynda V Aziýa oýunlaryna bosgunlar toparynyň gatnaşmagy bilen bagly geçirildi. Onuň dowamynda bosgunlaryň wekiliýet toparynyň ýolbaşçysy Kenýanyň meşhur ylgaýjy zenany Tegla Lorop şeýle-de onuň garamagyndaky türgenleriň käbiri çykyş etdi. Maslahat tamamlanandan soňra biz toparyň ýolbaşçysyna özümizi gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüz tutduk.

––Hanym Lorop, ilki bilen sizi Aziýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek bosgunlar toparynyň gatnaşmagy bilen mähirli gutlaýarys!

— Sag boluň!

— Mälim bolşy ýaly, ýakynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky 36-njy mejlisinde “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnamanyň kabul edilmegi hemmeler, esasanam, bosgunlar topary üçin örän buýsançly waka bolsa gerek!

— Eýsem näme, bu biziň üçin asla unudylmajak waka. 2016-njy ýylda Riodaky Olimpiýa oýunlaryna, munuň yzysüre ýagny, 2017-nji ýylyň awgustynda London şäherindäki dünýä çempionatyna we bu gün bolsa merjen şäher diýlip tanalýan Türkmenistanyň ajaýyp paýtagtynda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşmagymyz bütindünýä bosgunlar topary üçin gaty uly zat.

–––Hanym Lorop, Aziýa oýunlarynda çykyş edýän bosgunlar toparynyň düzümi bilen tanyşdyraýsaňyz?

— Meniň bilen bu köpugurly sport çäresine 5 sany ýeňil atletikaçy geldi. Türgenler Afrika yklymynyň Sudan döwletinden bolup, Aziýa oýunlarynyň altmyş bäşinji wekiliýeti bolup gatnaşýarlar. Olar dogrusynda içgin durup geçsem, Polo Amotun Lokoro 1500, Wiýual Puok Deň 400, Gaý Ýaň Tap 800, Ukuk Uthu Bul 3000 we Ýeh Pur Biel 800 metr aralyk boýunça ylgaýan türgenlerdir. “Aşgabat 2017-ä” türgenlerimiz “Tegla Lorop” adyndaky Parahatçylyk Guramasynyň Naýrobide guran ýaryşlarynyň netijesinde saýlandy.

— Bosgunlar topary Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagynyň astynda çykyş edýärler.

— Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti tarapyndan iberilen çakylygyň gelip gowşandygy baradaky habary eşidenimizde başymyz gök diredi. Bu ýurda gelmek, internet sahypalarynda synlan ajaýyplyklarymyzyň durkuny hakyt gözüň bilen görmek isleginiň bu günki gün hasyl bolmagy bizi bagtly ynsanlara öwürýär. Biz bu ýerdäki görýän täsinliklerimiziň ählisine haýran galýarys. Türkmen halky örän myhmansöýer halk. Gadyrly garşylanmak, dürli-dümen datly tagamlar bilen hezzetlenmek, iň bärkisi, geýjek geýimiňe çenli — Aziýa oýunlarynyň öwüşginleri çaýylan sport lybaslarynyň berilmegi, ähli myhmanlardyr türgenler bilen bir hatarda bosgunlar topary üçin hem ýaşaýyş şertleriň ýokary derejede bolmagy biziň üçin şeýle bir ýakymly. Bir söz bilen aýdanyňda bu ýurduň halky dostsöýer halk.

Gelen günümiziň ilkinji günlerinde oýunlaryň öň ýanyndan taýýarlyk işlerini geçmek üçin döwrebap sport zallaryndan türgenlere ýörite ýer berildi. Ol ýerde degişli ugur boýunça sport enjamlarynyň adyny agzanyň bar. Garaz, ýaryş döwri hem ýaryşdan öň we soň hem döredilen mümkinçiliklerden göwnümiz hoşal. Türkmenistan dünýäde parahat söýüji, ynsanperwer döwlet hökmünde tanalýar. Munuň şeýledigine biz bu ýere gelenimizde hem, V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň milli Lideriniň eden çykyşyndan hem anyk göz ýetirdik. Men Türkmenistany dünýäde milletine, dinine, jynsyna garamazdan islendik adamyň halkara sport çärelerine gatnaşmaga hukukly saýýan döwlet hasaplaýaryn.

–––Hanym Lorop, beren gyzykly we täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Size we bosgunlar toparynyň ähli düzümine sport äleminde diňe üstünlikleriň ýar bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

— Sizem sag boluň!

“Nesil” gazeti,

23.09.2017ý.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2025 | 52 okalan

ÝAŞLAR – MIRASYŇ DOWAMY

20 Noýabr 2025 | 134 okalan

BAG EKMEK — ÖMRE DOWAMAT

19 Noýabr 2025 | 37 okalan

WATANSÖÝÜJI BAGTYÝAR ÝAŞLAR