Ynsany galkyndyrýan ruhy güýç

Türkmenistanly türgenler üçin iňňän şowly tamamlanan, türkmen sportuna uly şöhrat getiren hem-de bütindünýä sport baýramçylygynyň ruhunda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň barşynda belent mertebeli Arkadag Prezidentimiziň «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly kitabynyň okyjylara gowuşmagy ähli watandaşlarymyz, şol sanda ýaşlar üçin hakyky ajaýyp sowgat boldy. Bu kitap «Aşgabat 2017-niň» oýunlarynda ýeňiş gazanan milli ýygyndymyzyň üstünliklerine jany-teni bilen şatlanan ildeşlerimiziň şatlygyny goşalandyrdy.

Halkymyzyň taryhyna, tebigatyna, özboluşly däp-dessurlaryna bagyşlanan we owadan bezegli bolan bu eserde türkmen sportunyň dünýä derejesindäki ähmiýeti barada gürrüň berilýär. Täze kitabyň sahypalarynda Türkmenistanyň sport ulgamynda ýeten derejesi we gazanan üstünlikleri, bu babatda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň oňyn ugry we ynsanperwerlik ýörelgeleri öz beýanyny tapýar.

Bilşimiz ýaly, belent mertebeli Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek, beden taýdan sagdyn, ruhubelent ýaş nesilleri kemala getirmek bilen baglanyşykly meseleler ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Hormatly Arkadagymyzyň halkara sport giňişliginde öňe sürýän başlangyçlary, şeýle hem bedenterbiýe-sagaldyş we olimpiýa hereketini wagyz etmekde, ýaş nesilleri sagdyn durmuş ýörelgesine çekmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmak boýunça netijeli teklipleri Türkmenistany sport döwleti hökmünde belent abraýa eýe etdi.

Bu kitapda mähriban Arkadagymyzyň «Ýaş nesilleriň ýokary hilli bilimi, aň-bilim taýdan ösüşi bilen birlikde, olaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri ruhunda terbiýelenmegi, bedenterbiýä hem-de sport hereketine işjeň çekilmegi halkymyzyň nurana geljeginiň binýadydyr” diýip, belleýşi ýaly halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän sagdynlyk ýörelgesi ýurdumyzda ähli döwürlerde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Hormatly Prezidentimiz öz ajaýyp eserinde sagdyn durmuşyň adamlara bagt, şatlyk we kalp gözelligini paýlaýandygyny, sportuň ynsan saglygy üçin uly ähmiýetiniň bardygyny, onuň şähdiňi açýandygyny, ruhuňy galkyndyrýandygyny we ynsanyň güýjüne güýç, kuwwatyna kuwwat goşýandygyny belleýär.

Milli Liderimiziň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly kitabyny okan her bir adam döwürleriň we nesilleriň, taryhyň we häzirki döwrüň, türkmen sportunyň we durmuşynyň aýrylmaz baglanyşygyny äşgär edýän parasatly jümlelere we täsin, gyzykly maglumatlara duş gelip biler. Mähriban Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmuna we kämil çeperçilik derejesine eýe bolan beýleki eserleri ýaly, bu neşiriň hem terbiýeçilik we watansöýüjilik ähmiýeti ýokarydyr.

Kitabyň sözbaşysynyň okyjyny turuwbaşdan özüne çekip, sportuň saglyk, dostluk we gözellik dünýäsine gaýybana syýahata çagyryşy ýaly, eseriň yzygider tertipde bölümlere bölünen mowzuklary hem uly gyzyklanma döredýär. Kitabyň «Ýaryş menzili ýeňişdir», «Sport — ýaşaýşyň gözelligi», «Sport — ýaryş, ýeňiş menzili», «Durmuşyň bezegi asudalyk, ömrüň bezegi manydyr», «Sport — terbiýe», «Türkmenistan — sagdynlygyň, sportuň we döredijiligiň ýurdy» ýaly paýhasa we belent ruhy joşguna beslenen bölümleriň atlary hem çuňňur many-mazmun bilen baýlaşdyrylandyr.

«Olimpiýa şäherçesi mähriban Diýarymyzyň sport taryhynyň beýik üstünligidir» diýip, Arkadag Prezidentimiz öz täze kitabynda aýdýar. Gözel paýtagtymyzyň ajaýyp Olimpiýa şäherçesinde geçirilen V Aziýa oýunlary ýurdumyzyň täze belentliklere we beýik maksatlara tarap okgunly hereketiniň özboluşly beýanyna öwrüldi. Şu ýyl Aşgabatda V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi, bu halkara sport ýaryşlarynda türkmenistanly ýaş türgenleriň üstünlikli çykyş etmegi, has takygy, alnan medallaryň sany boýunça Türkmenistanyň Aziýa oýunlaryna gatnaşan ýurtlaryň arasynda birinjiligi eýelemegi buýsançly başymyzy, dünýädäki, şol sanda sport ulgamyndaky abraýymyzy has-da belende galdyrdy. Hormatly Prezidentimiz kitapda «Watanymyzyň at-abraýyny goraýan türgenler ählimiziň guwanjymyzdyr» diýmek bilen, olaryň ýaşlarymyza nusga bolmagy babatyndaky tagallalaryň mundan buýana hem gaýgyrylmajakdygyny aýdýar.

Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary derejeli sporty ösdürmek, Olimpiýa oýunlarynda we beýleki abraýly halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan türgenlerimizi we tälimçilerimizi höweslendirmek döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biri hasaplanýar. «Dünýäde türkmen Tuguny pasyrdadýan ussat türgenlerimiziň ýeňiş hakyndaky habaryny biz söýünji bilen garşylaýarys. Halkymyzda gowy buşluk habary üçin sowgat bermek däbi bar. Biz hem şol ýörelgä eýerip, ýeňijileriň üstünliklerini sowgat bilen söýünjileýäris» diýlip «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly kitapda aýdylyşy ýaly, öňňin Arkadag Prezidentimiziň V Aziýa oýunlarynyň öňdebaryjy türgenlerine Şa sowgatlaryny gowşurmagy sportumyza asylly däplerimiziň döwrebap öwüşginlerini çaýdy.

Bu ýokary sport üstünliklerinde, şol sanda ýaşlaryň ruhubelentliginde, maksada okgunlylygynda we köpçülikleýin häsiýete eýe bolan sagdyn durmuş ýörelgesinde mähriban Prezidentimiziň başlangyjy bilen halkymyzy, ilkinji nobatda, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmaga çekmek, türgenler üçin ähli amatly şertleri we mümkinçilikleri döretmek boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli işleriň oňyn netijelerini görmek bolýar. Bu beýik üstünlikler ýaşlaryň hem kalbyny joşduran ýakymly wakalardyr. Milletiň beden we ruhy taýdan sagdynlygy hakynda alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesini amala aşyrmak boýunça giň gerimli işleriň möhüm bölegidir.

Aziýa oýunlaryna bosgunlar toparynyň gatnaşmagy hem, olaryň wekillerine Arkadag Prezidentimiziň adyndan ýörite sowgatlaryň gowşurylmagy hem bu halkara sport çäresinde ýurdumyzyň dostlukly, ynsanperwer hem-de hoşniýetli ýörelgeleriniň öz mynasyp beýanyny tapandygyna şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmekde we sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmekde hormatly Prezidentimiziň görkezýän şahsy göreldesi halkymyzda sagdyn durmuşda ýaşamaga uly höwes döredýär, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanyny artdyrýar, türgenlerimizi bolsa täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Olaryň V Aziýa oýunlarynda gazanan üstünlikleri Türkmenistanyň sport abraýynyň mynasyp goralandygyny subut edýär. Arkadag Prezidentimiziň öz täze ajaýyp kitabynda aýdyşy ýaly, sport — hereketdir, öňe, diňe öňe, ýeňişlere tarap gitmekdir.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzir Türkmenistanda onlarça sport görnüşi hereket edýär we bu görnüşler boýunça ýaryşlar geçirilýär. Sportuň Türkmenistan üçin täze görnüşlerini, şol sanda ýelkenli, şeýle hem Olimpiýa maksatnamasyna girizilen täze gyşky görnüşlerini has işjeň ösdürmek üçin mümkinçilikler öwrenilýär hem-de olardan netijeli peýdalanylýar. «Sportuň geljegi bar hasap edilýän ugurlary boýunça ilkinji bolup, oýunlara girişmek, elbetde, hiç kime hem aňsat düşmeýär. Ýöne şol başlangyjyň goldanylmagy, onuň il-ulus tarapyndan alnyp göterilmegi munuň iň guwançly ýeridir» diýip, belent mertebeli Prezidentimiz öz kitabynda buýsanç bilen belleýär.

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň türkmen sportuny we bedenterbiýäni hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimizde ornaşdyrmakda ägirt uly ähmiýeti bolan başlangyçlaryny tutuş halkymyz bilen birlikde ýaşlar hem çäksiz hoşallyk, uly buýsanç duýgulary bilen kabul edýär. Ruhy we beden saglygyna hemişe uly üns berip, bu babatda asyrlardan aşyp gelen mizemejek terbiýeçilik ýoluny miras goýup geçen ata-babalarymyzyň milli ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirip, ýurtda amala aşyrýan bimöçber işleri üçin ýaşlaryň mähriban Arkadagymyza buýsanjy we alkyşlary çäksizdir!

Belent mertebeli Prezidentimiziň türkmen sportunyň abraýyny dünýä derejesinde belende galdyrmak, sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmek ugrunda jemgyýetimiziň öňünde goýan taryhy ähmiýetli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşmak her bir ýaş raýat üçin uly dereje we hormatdyr.

Halkymyzyň, şol sanda ýaşlaryň sagdyn, ruhubelent we bagtyýar durmuşy barada çäksiz aladalary edýän Arkadag Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Belent mertebeli Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun! Öňümizde duran asylly maksatlara ýetmek üçin gijämizi gündiz edip işläris, ukyp-başarnyklarymyzy gaýgyrmarys.

Soltangeldi BABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Merkezi Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

30.09.2017ý.

Meňzeş habarlar