Abadan ýaşaýşyň saglykdan başlanýandygyna akyl ýetiren türkmen halky elmydama ony gazanmak barada aladalanyp gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň: “Gadymy döwürlerden bäri sagdyn bedenli hem-de päk ruhly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berýän türkmen halky saglygy durmuşyň iň gymmatly baýlyklarynyň biri we manyly ömrüň özeni hasaplaýandyr” diýip nygtamagy halkymyzyň saglyk hakyndaky durmuş ýörelgeleriniň gymmatyny açyp görkezýär. “Jan saglygy — tapylgysyz baýlyk”, “Baýlygyň sakasy — saglyk”, “Sag başym — salamat başym” diýen paýhasly jümlelerde pederlerimiziň baý durmuş tejribesi we dünýägaraýşy jemlenipdir. Ata-babalarymyz geçmişde bedenterbiýe endiklerini gündelik durmuşyna ornaşan kesp-kärlerde, oýunlarda, dürli güýmenjelerde kämilleşdiripdir we ösdüripdir. Seýisçilik kesbi bilen ýelgamak ýaly ýyndam bedewleri ýetişdiripdir. Mürüşgärlik kesbi bilen dag gaýasyndan sallanyp, ýyrtyjy guşuň jüýjesini alypdyr. Ýetişdiren elguşy bilen gijelerine gezim edip ony awa taýýarlapdyr. Suwda ýüzmegiň ussady bolan guwwaslaryň il-güne örän uly haýry degipdir. Dürli bedenterbiýe endikleriniň bäsleşikli görnüşlere geçirilmegi bilen oýunlaryň giden bir toplumy emele gelipdir. Çagalykdan suwda ýüzmek, çümmek boýunça birnäçe oýunlar oýnalypdyr. Başga-da çagalaryň hereketli oýunlaryny, at üstünde oýnalýan oýunlary we beýlekileri mysal getirmek bolar.
Ýurdumyzda uly dabara bilen geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary saglyk we sport hakynda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny açyk-aýdyň görkezdi. Milli mirasymyzyň naýbaşy nusgalary bu halkara derejeli oýunlaryň bezegi boldy.
Behişdi bedewler, Wepaly alabaý, binagärçilik ýadygärlikleri, haly gölleri, goçak bilen beýleki nagyşlar, şabram dutar, baldan datly waharman we başgalaryň şekilleri daşary ýurtly myhmanlara türkmen durmuşyny açyp görkezdi.
Oýunlaryň göreçlerde ebedilik galan açylyş dabarasynyň keşplerinde Oguzhan atamyzyň äpet heýkeli ör-boýuna galdy. Asmandan gelen alty sany altyn ýaý we daşynda atly aýlanýan ýigrimi dört agtygy Oguzhanyň agzybirlik hakyndaky wesýetlerine nesilleriň mukaddeslik hökmünde garaýandygyny görkezdi. Gorkut atamyz elmydama adamlara ahlakly, sagdyn ýaşamagy ündedi. Görogly beg dogumlylygyň, gaýratlylygyň, şadyýanlygyň simwoly hasaplanýar. Görogly beg, ogly Öwez, agtygy Nuraly at münmegiň çyn ussadydyr. Beýik Seljuk döwletiniň düýbüni tutan Togrul beg, Soltan Alp Arslan türkmen, jahana ýaň salan döwletiň düýbüni tutan Ärtogrul Gazy, halkymyzyň ruhy sütünleriniň biri Magtymguly Pyragy ýaly taryhda öçmejek yz galdyran meşhur şahsyýetlerimiz häzirki nesiller bilen ruhy arabaglanyşygy aýdyň ýüze çykardy.
Taryhyň müňýyllyklara uzaýan köklerine nazar aýlasak, türkmen ýigitleriniň mertlik, gaýduwsyzlyk, batyr häsiýetleri bilen tanalyp gelendigine göz ýetirýäris. Ýurdumyzda dabara bilen toýlanan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem bu asylly häsiýetler aýdyň göründi. Türgenleriň köpüsiniň juwan ýaşynda bolmagy has-da buýsançlydyr. Geçmişde türkmen ýigitleri şahlary gol boýy öküzi ýykyp, gahrymançylyk görkezip özüne at gazanypdyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ussatlyk bilen atly ýerine ýetiren oýunlary adamlary tolgundyrdy. Şol pursatlarda Togrul begiň ýedi ýaşynda çapyp barýan atyna münüp bilendigi ýadyňa düşýär. Soltan Sanjar heniz ýetginjek wagtynda söweşlere gatnaşyp, öz tarapdarlary bilen ýeňiji bolmagy başarypdyr. Türgenlerde jemlenen bu asylly häsiýetler olaryň ata-baba gany bilen geçip, şu wagt hem damarlarynda gaýnaýar.
Türkmen ýigitleriniň göreş tutmadygy az-azdyr. Çagalykdan bedeniň berkäp alty-ýedi ýaşa ýeteňsoň, oýnalyp başlanýan oýunlaryň biri göreşdir. Erjel ýigit kem-kemden kämillige ýetip, pälwan adyna eýe bolupdyr. Pälwanlar agyr zatlary götermegiň ussady bolupdyr. Olar baradaky ýakymly ýatlamalar hakydalarda saklanýar. Göreş tutmak, pälwanlyk nesilden-nesle geçip, häzir hem mynasyp dowam edýär. Bedew atlaryň çapyşygy gurnalan şowhunly toýlarda ýeňiş gazanan pälwanlaryň şöhraty bu sport toýunda hem äleme ýaýyldy. Türgenlerimiziň milli göreşde gazanan üstünlikleri bizi diýseň guwandyrdy we begendirdi.
Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Il bähbitli, halkara ähmiýetli uly başlangyçlarynyň, beýik maksatlarynyň elmydama rowaç almagyny arzuw edýäris!
Toýly HOMMYÝEW,
TYA-nyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň aspiranty.
“Nesil” gazeti,
03.10.2017ý.