BILIME AK ÝOL

Häzirki döwrüň ylym-bilim ulgamy diňe ösüşlere, özgerişlere barýan çaltlandyrylan innowasion usullary saýlap alanlygy bilen tapawutlanýar. Bu ulgamdaky halkara gatnaşyklary dünýä jemgyýetçiliginiň ösen taglymatlaryna daýanmak bilen, milli bilim we ylym ulgamyny barha kämilleşdirýär. Biz — bagtly döwrüň bagtly ýaşlary. Bu gün bilim almagyň ýokary derejesine ýetdik. Ak ýoldan, ak arzuwlar bilen öňe barýarys. Gahryman Prezidentimiz biz — ýaşlar üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Milli Liderimiz özüniň jöwher paýhasyndan kemala gelen «Bilim — bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» atly ajaýyp kitabynda şeýle belleýär: «Ylym üçin serhet ýokdur». Näçe okadygyňça, öwrendigiňçe, dünýägaraýşyň giňedigiçe ylmyň soňuna ýetip bolmaýar. Ýaşlar bu günki döwrebap bilimiň we kämilleşýän ylmyň gurşawynda yhlasly okap, bilim alýarlar. Diňe bir ýurdumyzyň öz çäginde däl, eýsem dünýäniň dürli ýurtlarynda hem okamaga giň ýol açyldy.

Ýokary okuw mekdebimiziň bagtyýar talyplary bu günki öz önümçilik tejribelerini dünýäniň dürli künjeklerinde geçýärler we bilim tejribelerini artdyrýarlar. Has takygy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryna dünýäniň Russiýa Federasiýasy, Belorussiýa, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Birleşen Arap Emirlikleri, Rumyniýa, Belgiýa, Azerbaýjan, Hytaý we Eýran... ýaly döwletlerdäki ýurdumyzyň ilçihanalarynda we konsullyk edaralarynda tejribelik geçmäge mümkinçilik döredildi. Bu tejribelik birnäçe sapar amala aşyrylyp, munuň özi hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän özgertmeleriniň barşynda netijeli badalga boldy. Şunlukda talyplar hünär tejribeliginde nazary bilimlerini amalyýetde berkidýärler, dil endiklerini kämilleşdirýärler, şol bir wagtda diplomatiýanyň inçe usullaryny öwrenýärler. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada alyp barýan syýasatynyň ýerine düşýänligidir. Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynda hem Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyna goldaw bermek barada şeýle diýilýär:

— Ýaşlaryň dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işine ýakyndan gatnaşmaklaryna;

— bilim, ylym, sagdyn durmuş ýörelgesi, medeniýet, daşky gurşawy goramak we ýaşlaryň durnukly ösüşi ugurlarynda ynsanperwer taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde halkara gulluklary, gaznalary, guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna giň ýol açylýar.

Munuň özi ýaşlaryň dünýä derejesinde ukybyny açyp görkezmäge açylan ýol bolup durýar. Geljekki diplomatlar hökmünde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary hem içeri syýasatyna goşant goşjak, ýokary bilimli ýaşlar bolup ýetişmegimiz üçin öňümizde uly maksat goýduk.

Biz — bagtly döwrüň bagtly ýaşlary bolup, döwrümiziň batly gadamlarynda deň ädim ätjekdigimize, älem giňişliginde Ginnesiň rekordlar kitabynda öz mynasyp ornuny tapan türkmen Tuguny belentden-belent parlatjakdygymyza ynandyrýarys.

Käkilik ALLAKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

“Nesil” gazeti,

05.10.2017ý.

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2025 | 12 okalan

MAŞGALA DARAGTY

01 Iýul 2025 | 12 okalan

DÜÝELER ÜÇIN HASSAHANA