Şu ýyl Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygynyň öňüsyrasynda Ahal welaýatynda geçiriler. Ak bugdaý etrabynda gurlan «Türkmeniň ak öýünde» geçiriljek umumymilli maslahatyň gün tertibine parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan bu ýolda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn okgunly ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri giriziler.
Maslahatyň geçiriljek ýeri — «Türkmeniň ak öýi» binasy aýratyn mynasyp orunda durýar. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhynda möhüm pursady alamatlandyryp, ol jemgyýetimiziň we döwletimiziň demokratiýanyň, milli jebisligi we agzybirligi pugtalandyrmagyň ýoly bilen mundan beýläk-de täze sepgitlere ýetmeginiň beýanyna öwrüler.
Türkmenistanda, asylly däbe görä, her ýyl Ýaşulularyň maslahatynyň geçirilmegi türkmen halkynyň gadymy gymmatlyklary hem-de köpasyrlyk parasatly we asylly däpleri döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlaryna doly gabat gelýär. Döwletimiziň möhüm meselelerini çözmekde ýaşulularyň parasatly maslahatlaryna, baý durmuş tejribesine daýanmak türkmen halky üçin kadadyr. Ýurdumyzda geçirilýän Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty jemgyýetimiziň agzybirligini we bitewüligini üpjün edýän gadymy däplere eýermeklige hem-de milli ýörelgelerimizi täze mazmun bilen baýlaşdyrýandygymyza, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerimize üýtgewsiz ygrarlydygymyza hem-de ol ýörelgeleri has-da rowaçlandyrýandygymyza şaýatlyk edýär.
Türkmen halky hemişe ýaşululara çuňňur hormat bilen garap, baý durmuş tejribesine bil baglap gelýär. Hormatly Prezidentimiziň milletiň gadymdan gelýän gymmatlyklaryny dikeltmek babatda alyp barýan ýadawsyz işleriniň netijesinde häzir bu asylly ýörelge ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda öz mynasyp ornuny tapýar.
Ýurdumyzda sylag-hormatdan paýly abraýly adamlaryň bir ýere jemlenip, agzybirlik bilen il bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy döwletlilikden nyşandyr. Biziň baý durmuş tejribesi bolan parasatly ýaşulularymyzyň, şeýle hem maşgala ojagynyň daýanjy bolan mährem enelerimiziň öwüt-ündewi Watanyny ýürekden söýýän ogul-gyzlary terbiýeläp ýetişdirmekde özboluşly mekdepdir. Häzirki döwürde Ýaşulularyň maslahaty döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine üýtgewsiz ygrarlylygy ýüze çykarýan umumyhalk derejesindäki milli foruma öwrüldi.
Ýaşulularyň maslahaty jemgyýetimiziň durmuşynda mynasyp orun eýeleýär. Gadymy gymmatlyklarymyza we köpasyrlyk parasatly däp-dessurlarymyza laýyklykda, halkymyzyň, geljekki nesillerimiziň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge degişli meseleleri yzygiderli we açyk ýagdaýda ara alyp maslahatlaşmak indi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Demokratik kadalaryň binýadynda jemgyýetimizi we döwletimizi ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşulular barada uly alada edilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesinden ugur alnyp, döwlet tarapyndan ýurdumyzda ýaşuly nesliň durmuş taýdan goralmagyna aýratyn üns berilýär. Pensionerleriň, uruş we zähmet weteranlarynyň durmuş taýdan goralmagyna we olara goldaw berilmegine gönükdirilen çäreleriň giň toplumy göz öňünde tutulandyr. Her ýyl ýurdumyzda pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberi artdyrylýar. Şeýle hem paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýaşululara muzdsuz döwlet lukmançylyk we durmuş taýdan kömek berýän ýörite merkezler işleýär.
Ynsanperwer, hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli syýasatymyzy, giň gerimli oňyn başlangyçlarymyzy durmuşa geçirmekde, milli bitewüligimizi berkitmekde, watansöýüji, ýokary ahlak häsiýetli nesilleri kemala getirmekde paýhasly gojalarymyzyň uly hyzmaty bar. Mährem enelerimiz, dana gojalarymyz ajaýyp häsiýetleri bilen edep-ekramyň we terbiýäniň nusgalyk mekdebini kemala getiripdirler. Olara sylag-hormat örän uludyr. Ýaşulularyň maslahaty bolsa şol gadymy däplerimize ygrarlydygymyzy, olaryň mertebesini belende götermek ýaly milli ýörelgelerimizi täze mazmun bilen baýlaşdyrýandygymyzy tassyklaýar.
Halkymyzyň ýüzýyllyklaryň dowamynda kämilleşip gelýän döwlet gurmagyň baý tejribesi, şöhratly ýoly, nusgawy milli demokratik mekdebi bar. Häzirki wagtda Türkmenistan döwleti dolandyrmak işinde asyrlaryň dowamynda synagdan geçen kämil milli ýörelgelerimize uly ähmiýet berip, demokratik edaralaryny ösdürýär, raýat jemgyýetini kemala getirýär, hakyky halk häkimiýetliliginiň esaslaryny pugtalandyrýar.
Halkymyzda “Ýaşulularyň göreldesi — nesilleriň ýörelgesi» diýen ajaýyp pähim bar. Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilýän çözgütler şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Hudaýguly HAKBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
07.10.2017ý.