Bu gün meniň üçin unudylmajak günleriň biridir. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bu ömrümde iň uly bagtdyr. Şeýle bagtyň eýesi bolmak islendik ynsan üçin gaty uly zatdyr.
«Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýipdirler. Ynha, her güni ajaýyp wakalara beslenýän güneşli Diýarymyzda çekýän zähmetiňe yhlasyňy siňdirseň, ýüregiň bilen ýapyşsaň oňa goýulýan sarpa ýokarydyr. Men döredijilik işlerimiň daşyndan birnäçe ýyllap «Nesil» gazetinde dizaýner, bezeg işlerini ýerine ýetirýän bölüminde işläp gelýärin. Bu käre bolan höwes mende talyplyk ýyllarynda döredi. Şondan soň gazetdir žurnallaryň bezeg işleri bilen içgin gyzyklanyp başladym. Gyzyklanmam bolsa meni bu käre has-da imrindirdi. Indi men söýen kesp-kärimiň içinde.
Bu ajaýyp pursatda, dabaranyň uly ruhubelentlige beslenen gününde hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolan ähli ildeşlerimizi ak ýürekden gutlaýaryn. Olaryň ählisini «ýokary sylagyňyzyň höwri köp bolsun!» diýesim gelýär. Ildeşlerim bilen bir hatarda meni hem bagtyň jümmüşine ataran, ýeneki täze bezeglerdir öwüşginleri döretmäge egsilmejek ruhy goldaw beren Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Goý, milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy hemişe aman bolsun!
Orazmyrat MYRADOW,
«Nesil» gazetiniň jogapkär kätibi,
«Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi
“Nesil” gazeti,
10.10.2017ý.