Milli Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk şanly toýunyň gerimi örän uly baýramçylyk ruhy, ýatdan çykmajak wakalary bilen badalga aldy. Türkmen ykbalynyň täzeden galkynan döwründe dowam edýän taryhy pursatlarda ata Watanymyzyň at-abraýy, mizemez mertebesi, geljege tarap urýan aýgytly gadamy aýdyň görünýär. Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlaryndan, pähim paýhasyndan rowaçlanýan bu arzyly günleriň her bir wakasynda bagtyýar halkymyzyň ykbalyny özgerdiji täzelikler bar. Geçen hepdäniň özünde şaýat bolan syýasy-medeni çärelerimizden il-ýurt bähbitli aladalaryň döwlet syýasatymyzyň özeninde durýandygyny görmek bolýar. Milli medeniýetimiziň, türkmeniň ruhy dünýäsiniň beýany bolan «Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» binasynyň dabaraly açylmagy, şol ýeriň töweregine agaç nahallarynyň oturdylmagy bilen bagly bolan taryhy wakalar hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyzyň ýaşaýyş medeniýetini, köpasyrlyk durmuş tejribesini, arhitektura sungatyny açyp görkezýän türkmeniň ak öýüniň häzirki zaman binagärlik keşbinde döredilmeginiň özi we onda milli gymmatlyklarymyzyň ýerleşdirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň medeni-syýasy taglymatynyň, jemgyýetçilik pikirleriniň ýokary derejede dabaralanýandygyny açyp görkezýär. Milli Liderimiziň halkymyzyň geçmişini, bagtyýar şu gününi we ýagty geljegini aňladýan belent başlangyçlarynyň özeninde halkymyzyň jebisligi, bitewüligi we abadan durmuşy hakynda edilýän soňsuz aladalary görmek bolýar. Watanymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda, medeni köpçülikleýin çäreleri geçirmekde örän ähmiýetli bolan bu netijeli taslamanyň wysal bolmagy ýurdumyzyň geljekki ýaşaýyş-durmuşyna hem oňyn täsirini ýetirer. Şeýle uly işleri bitirip, egsilmez sahawaty bilen Diýarymyzy üstünlikleriň täze menzillerine ýetirýän Gahryman Arkadagymyzyň «Nowruz ýaýlasynyň ak öýüni» dabaraly açyp, şol ýerde bag ekmek dabarasyna gatnaşmagynda hem uly many bar. Ajaýyp ýaýlanyň bezegi bolan Ak öýüň töweregini bagy-bossanlyga öwürmek ýörelgesiniň özeninde gözel tebigatymyzy özgertmek, ekologiýa abadançylygyny ýokarlandyrmak, seýilgäh zolaklaryny döretmek, howanyň arassalygyny saklamak, adamlaryň jan saglygyny goramak ugrundaky aladalar bar. Gahryman Arkadagymyzyň döwrümizde däbe öwren bu asylly ýörelgesi bolsa ýaş nesilleri watançylyk ruhunda we ynsanperwerlik häsiýetlerinde terbiýelemäge uly şert döredýär.
Şeýle ähmiýetli we dabaraly çäreleriň Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna ulaşmagy bolsa has-da buýsançlydyr. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynyň bellenilen taryhy künjekde kalplara ýaz ýakymy bagyşlap duran gojaman Köpetdagyň etegindäki «Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» binasynda uly ruhubelentlikde badalga almagy bu syýasy çäräniň şowly geçirilýändiginden habar berýär. Işjeň taýýarlyga, ýokary guramaçylyga beslenen halk demokratiýasyny aňladýan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynyň mejlisinde hem halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň hatyrasyna gönükdirilen meseleler orta atyldy. Aklyga beslenen täze öýde, keramatly törde dowam edýän halkymyzyň gadymdan gelýän demokratik häsiýetlerine esaslanýan ulyny sylamak, olara sala salmak, bähbitli işe geňeş etmek, bitewüligi we jebisligi üpjün etmek ýaly milli häsiýetlerimizi mynasyp dowam etdirmekde uly orun eýeleýän bu wakanyň taryhy pursatlary Watanymyzyň ýyl ýazgysyny bezär. Çünki oktýabr aýynyň 9-10-na geçirilýän bu maslahatyň ilkinji güni uly üstünliklere beslendi. Maslahatyň dabaraly açylan güni Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary derejelerini üpjün etmegiň esasy wezipelerine garaldy we döwletli sahnanyň münberinde dürli ulgamlarda we pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiz söz sözledi, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerine ser salynyp, olar hakda uly joşgun bilen gürrüň edildi. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynyň ilkinji güni hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşy bolsa bu günüň esasy özenini düzdi. Milli Liderimiziň döwletimiziň geçen döwürde gazananlaryna we öňde durýan wezipelere bagyşlap eden baý mazmunly çykyşynda halkymyzyň bagtly durmuşy, görkana geljegi ugrundaky aladalar juda ýiti duýuldy. Sebäbi, merdana milletimiz indi birnäçe ýyllardan bäri eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Ähli ulgamlarda we pudaklarda gazanylan sepgitlere şaýat bolup, kalplarymyz şanly günleriň şuglasyna nurlanýar. Şonuň üçin hem dili senaly, kalby paýhasly ýaşulularymyzyň jem bolan döwletli geňeşinde şeýle buýsançly duýgular hasam möwjäp, başymyzy buýsanç gaplaýar. Türkmenistan döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda ýeten belent sepgitlerinden söhbet açýan bu maslahatyň dowamy bolan şu günde hem il ykbaly, Watan geljegi bilen bagly wakalar bolar. Tassyklanylan gün tertibine laýyklykda bu günüň hem ýokary guramaçylyga, uly dabara beslenjekdigine, maslahatyň işiniň şowly dowam etjekdigine tüýs ýürekden ynanýarys. Sebäbi, ak ýürekli milletimiziň hemişe azaby gowşup, yhlasy myrat tapýar, arzuwy wysal bolup, ýagşy niýeti — döwlet ýary bolýar. Onda-da sagy adalatly, soly sahawatly, Hak halatly Arkadagymyzyň ak ýollarda gadam basan Ak öýünde tutulýan ýagşy amallar ýerine düşýär. Ýüreklere ýylylyk eçilýän, geljege ynam berýän, ýurdumyza bolan söýgimizi artdyryp, buýsanjymyzy goşalandyrýan şu arzyly pursatlarda toý tutumlary bilen döwrümiziň, döwletimiziň adyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlar aýdýarys. Mähriban Prezidentimiziň jany sag, başy belent, mübärek işleri rowaçly bolsun!
Ysmaýyl MUHAMMETDURDYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
“Nesil” gazeti,
10.10.2017ý.