TARYHYŇ ALTYN ÝOLY

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda bolup geçýän wakalar biziň her birimizi begendirýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan «Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» binasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi, şol gün ýurdumyzda ählihalk ýowarynyň geçirilmegi bu wakalaryň yzysüre bolsa Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň geçirilmegi şanly günleri has-da baýlaşdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň döwlet işleriniň daşyndan döredijilik bilen meşgul bolmagy, täze kitaplaryň üstünde işläp, il-günümizi şunuň ýaly paýhasly kitaplary bilen begendirip durmagy bagtyýarlyk döwrümiziň ajaýyp aýratynlygy bolup durmuşymyza ornady. 9-njy oktýabrda hem biz Arkadag Prezidentimiziň gymmatly paýhasyndan gözbaş alan täze — «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby bilen tanyş bolduk.

Hormatly Prezidentimiziň dürli ugurlara degişli bolan kitaplarynyň üsti ýene-de bir täze ajaýyp kitap bilen baýlaşanda biziň begenjimiziň çägi bolmady. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly täze kitabyň hem halkymyza gowuşmagy şunuň ýaly tolgunmalary bagyşlady. Beýik Ýüpek ýoly türkmen halkynyň taryhynda ykdysady, medeni ähmiýeti bilen ägirt uly yz galdyran ýol bolmak bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrebap usulda täzeden dikeldilýär. Hormatly Prezidentimiziň ummasyz tagallasy bilen gurulýan demir we gara ýollar, energiýa geçiriji taslamalar hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen türkmen halkyna dünýä halklarynyň dostana gatnaşyklaryny getirýär. Ata-babalarymyzyň pähim-parasady bilen dünýä ýüzünde dostana gatnaşyklaryň pugtalanyşy ýaly hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli döwlet syýasaty bilen hem sebitde we dünýäde hoşniýetli gatnaşyklar ýygjamlaşýar. Arkadag Prezidentimiz türkmen halkynyň hoşniýetli daşary syýasatyny çuňňur wagyz ediji we ýaýradyjy işleri durmuşa geçirýär. Ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda şan-şöhrata beslenen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary hem sportuň üsti bilen dünýä halklarynyň arasynda dostlugy we ynsanperwerlik gatnaşyklaryny wagyz etmegiň nusgalyk göreldesi boldy. Hormatly Prezidentimiziň çykyşlarynda nygtalyşy ýaly bu asylly ýörelge nesip bolsa, mundan beýläk hem ygtybarly dowam etdiriler.

Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly täze kitabynyň ýaş nesilleri terbiýelemekde, ildeşlerimiziň watanperwerlik duýgularyny ösdürmekde çuňňur manysyny, taryhy ähmiýetini nazara alyp, geljek 2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylmagy hem bize buýsanç duýgularyny bagyşlady. Biz — bilim işgärleri hem talyp ýaşlarda döwlet syýasaty barada anyk garaýyşlary kemala getirmekde Gahryman Arkadagymyzyň parasatdan doly kitaplaryny gymmatly gollanma hökmünde ulanýarys. Hormatly Prezidentimiziň ylhamly galamy ýiti bolsun! Ata Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä ýaň salsyn!

Mährijemal HALLYÝEWA,

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň uly mugallymy.

“Nesil” gazeti,

17.10.2017ý.

Meňzeş habarlar