Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen gojaman Jeýhunyň çep kenaryny ýakalap oturan Atamyrat etrabyna polat ýoluň çekilip, ilkinji ýolagçy we ýük daşaýan otlularyň gatnap başlany ýaňy ýalydy. Bu taryhy gün bizde çäksiz şatlyk we buýsanç duýgusyny döretdi. Demir ýoluň açylmagy uzak aralygy ýakynlaşdyrdy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ep-esli gowulanmagyna getirdi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Atamyrat — Kerkiçi aralygynda demir ýol köprüsiniň gurulmagy bolsa, polat ýoluň ýene-de uzap, goňşy etraba baryp ýetmegine getirdi. Halkymyzda guýy gazmak, köprüdir ýol gurmaklyk sogap iş hasaplanylýar. Ukrain köpri gurujylary bilen türkmen demirýolçularynyň bilelikde Amyderýanyň üstünden awtoulag köprüsini gysga wagtda gurup ulanyşa bermekleri buýsançly wakalaryň biri boldy. Türkmenabat — Farap demirýol we awtomobil köprüleriniň hyzmatynyň hözirini görýän ildeşlerimiziň häzirki günlerde şatlygynyň çägi ýok. Bu köprüleriň haýsy birinden geçseň-de sag kenardaky ýollara birigip, göni Özbegistana tarap alyp gidýär. Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy netijesinde daşary we goňşy döwletler bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde, ýükleriň daşalyşynyň üstaşyr geçirilişiniň möçberini artdyrmakda, haryt dolanyşygynyň mukdaryny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan polat, howa, deňiz we gara ýollaryň sany barha artýar. Bu bolsa doganlyk halklary bilen göwünleriň birikmegine, saçakly gatnaşyklara giň ýol açýar. Demir ýol we awtoulag köprüleri kenar ýakasynyň ýaşaýjylarynyň öňküden-de ysnyşykly, dostlukly gatnaşyklaryna giň mümkinçilikleri açdy. Mälim bolşy ýaly, Atamyrat şäheri taryhy, medeni, arheologiki we arhitektura ýadygärlikleri, mukaddes ýerleri bilen irki döwürlerden bäri giňden tanalýar. Geçmiş taryhymyzy ýatladýan köp sanly galalar, kerwensaraýlar bu gadymy şäheriň daşary döwletler bilen söwda aragatnaşygynda, haryt alyş-çalşygynda esasy merkez bolup durandygyndan habar berýär. Häzirki wagtda hem Atamyrat şäheriniň daýhan bazary mydama köp adamly. Mes toprakly bu mekanda ösdürilip ýetişdirilýän gök we bakja önümleri, dürli miweler ýylyň islendik paslynda bazarlary bolluk bilen bezäp dur. Ekerançylarymyzyň ösdürip ýetişdirýän ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli, ter önümlerine uly isleg bildirýärler.
Mähriban Arkadagymyzyň bag ekmek, ýurdumyzyň çar künjeginde giň möçberli gök zolaklary döretmek baradaky asylly başlangyçlaryna etrabymyzyň ýaşlary hem işjeň goşulýarlar. Şäheriň giň köçeleriniň ugruny bezeýän saýaly we gyrymsy agaçlary, älemgoşar öwüşginli gülleri ösdürip ýetişdirmekde-de ýaşlaryň uly goşandy bar. Atamyrat şäheriniň gözel ýerinde, Amyderýanyň kenar ýakasynda ýerleşýän dynç alyş seýilgähinde ýaşlaryň yhlasly zähmeti bilen kemala gelen saýaly we gyrymsy agaçlar, al-elwan güller bu ýere dynç almaga gelýänleriň göwnüni göterýär. Bu sogaply işlerde etrabyň daýhan birleşiklerinde, edara-kärhanalarynda we orta mekdeplerinde hereket edýän ilkinji ýaşlar guramalary has-da başarjaňlyk görkezýärler. “Her kim özünden başlamaly” diýen şygar astynda zähmet çekýän ýaşlar ilki bilen, öz öýüniň, ýaşaýan köçesiniň, soňra iş ýeriniň töwereginde abadanlaşdyryş işlerini geçirip, köplere görelde bolmagy başarýarlar. Miweli we saýaly baglaryň, anbar ysly gülleriň ekilmegi diňe bir etrabyň we şäheriň gözelligini artdyrman, eýsem howamyzyň ekologiýa taýdan arassa bolmagyna hem getirýär. Munuň özi halkymyzyň saglygy üçin peýdalydyr.
Danalarymyz aýtmyşlaýyn: “Bag — durmuşyň bezegi”. Biziň durmuşymyzy, ýaşaýşymyzy bezeýän gök zolaklar barha uzaklara uzasyn! Bize ajaýyp zamanany bagyş edip, ýaşaýşymyzyň mundan-da gözelleşmegi ugrunda nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň dost-doganlyga, bagtyýarlyga besleýän ýollary dowamat dowam bolsun!
Arzuw RAHMANOWA,
TMÝG-niň Atamyrat etrap geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
10.10.2017ý.