HOŞ GELDIŇ TÄZE ÝYL, SALAM, TÄZE ÝYL

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi, etrabyň häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Täze ýyl baýramy mynasybetli Şabat şäherindäki «Şatlyk» toý mekanynda  «Hoş geldiň Täze ýyl, salam, Täze ýyl» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabarada etrabyň medeniýet işgärleriniň hem-de çagalar sungat mekdebiniň okuwçy ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny, ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleri, bagtly çagalygy, bagtyýar ýaşlygy, Täze ýyl baýramyny wasp edýän şirin owazly aýdym-sazlar ýaňlandy.

 

Öwezmyrat TEKÄÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Şabat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar