Ýaňy-ýakynda TMÝG-niň Daşoguz welaýat we Daşoguz şäher Geňeşleriniň, Daşoguz şäher häkimliginiň, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň, TAP-nyň Daşoguz şäher komitetiniň bilelikde guramagynda, Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, döwet galamynyň mundan beýläk hem ýiti bolmagyny arzuw etdiler. Şeýle-de, çykyşlarda ajaýyp kitabyň baý many-mazmuny, Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-filosofik eserleriniň watandaşlarymyzyň her biri üçin durmuş we döredijilik şamçyragydygy, halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eseriň ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadygy barada giňişleýin bellenildi.
Hurşida ATAÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.