TÄZE ÝYLDA TÄZE-TÄZE ÜSTÜNLIKLER ÝAR BOLSUN!

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň häkimligi, iri jemgyýetçilik guramalary, etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde, Görogly şäherindäki «Ýedi ýyldyz» toý mekanynda «Täze ýylda täze-täze üstünlikler ýar bolsun!» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabarada etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri baýramçylyk gutlaglary bilen çykyş etdiler. Şeýle hem, onuň dowamynda etrabyň medeniýet-sungat ussatlarynyň, çagalar sungat mekdebiniň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary belentden ýaňlandy. Baýramçylyk dabarasynyň iň bir şatlyk-şowhunly pursatlarynyň biri hem, oňa Aýazbaba bilen Garpamygyň gelip, täze ýyl gutlaglaryny aýdan, bezelen arçanyň daşynda çagalar bilen bilelikde tans eden pursatlary boldy. Dabara gatnaşanlaryň ählisi öz gutlaglarynda halkymyza ajaýyp zamanany bagyş eden, ata Watanymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Kamolbek SOBIROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar