TÄSIRLI GURALAN GEZELENÇ

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat we şäher Geňeşiniň, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç çäresi guraldy.

Çäre «Baý taryhym – milli buýsanjym» ady bilen guralyp, oňa talyp ýaşlar, işjeň agzalar gatnaşdylar. Ýaşlar muzeýiň etnografiýa bölümine aýlanyp gördüler. Ene-mamalarymyzyň, bagtyýar gelin-gyzlaryň çeper ellerinden döreýän türkmen halylaryň dürli görnüşleri ýaşlaryň ünsüni özüne çekdi. Bu ýerdäki sungat eserleri çärä gatnaşyjylaryň milli sungatymyza bolan söýgüsini has-da artdyryp, ýaş nesillerde milli gymmatlyklarymyza we türkmen halysyna bolan söýgüni has-da artdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Gezelenje gatnaşanlar milli mirasymyzy we baý taryhymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Annagözel SARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

28 Ýanwar 2025 | 115 okalan

SPORT: SAGDYNLYK, BAGTYÝARLYK