ŞANLY ÝYLA ULY BUÝSANÇ BILEN

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň hem-de Mary şäher medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda «Şanly ýyla uly buýsanç bilen» atly duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda taryhyň sahypalaryna zerlenip ýazylan Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň ýatdan çykmajak taryhy wakalara, şanly pursatlara beslenendigini, bu ýylda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň belent derejelerde toýlanandygyny buýsanç bilen bellediler. Çykyşlaryň dowamynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň taryhy ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň ýürek buýsançlary uly joşgun bilen diňlenildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkyny beýik ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri beýan edildi.

 

Jennet ORAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

28 Ýanwar 2025 | 115 okalan

SPORT: SAGDYNLYK, BAGTYÝARLYK