Düýn Mary welaýat kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň jemlenmegi bilen baglylykda, «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň çapdan çykmagyna, şeýle hem üstümizdäki ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp geçirilen brifing duşuşygy giň mazmunlylygy bilen tapawutlandy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Mary welaýat kitaphanasynyň hem-de «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyk «Rowaçly menzilleriň rowan bolsun dowamy, Gutly bolsun, il-günüm, bu ýylyň täze ady» diýlip atlandyrylyp, oňa kalplary Watan söýgüsinden doly bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar.
Duşuşyk beýik şahsyýetlere mahsus çuň danalyk duýgusyny özünde jemleýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda oňyn özgertmelerden ybarat bolan iri maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bilen bagly buýsançly çykyşlar bilen açyldy. Çykyş edenler geçen ýylda gazanylan uly üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň üstünde durup geçmek bilen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda öňde durýan wezipeler dogrusynda söhbet etdiler.
Sowallar arkaly dowam eden brifing duşuşygynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden dörän «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabynyň türkmen halkyna sowgat berilmeginiň bagtyýar ýaşlar üçin ylham çeşmesidigini, ruhy gollanmadygyny öwran-öwran nygtadylar.
Şeýle hem çärä gatnaşanlaryň her biri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edip, eziz Watanymyzy ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýjeren GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.