Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, şeýle hem halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipleri nazara alyp, döwrümiziň şanyna şan goşjak täze 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň Mary welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda «Ýylyň ajaýyp şygary – ösüşleriň özeni» ady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.
Mary welaýatynyň Mary şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralar merkezinde geçirilen maslahatda çykyş edenler 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginde uly many-mazmunyň bardygy, hususan-da syýasy gepleşikleriň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasynda tagallalary jebisleşdirmekde uly ähmiýete eýedigi barada bellediler. Şeýle-de, çykyş edenler ýurdumyzda her bir gelýän täze ýylyň döwrebap atlandyrylmagynyň asylly däbe öwrülendigini, bu ajaýyp ýylda halkymyzyň abadançylygyny goramakda beýik işleriň alnyp baryljakdygyny, dünýä döwletleri bilen bähbitli hyzmatdaşlyklarynyň ýola goýuljakdygyny uly buýsanç bilen aýtdylar.
Dabaraly maslahatyň dowamynda Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar ýaňlandy. Belentden ýaňlanan aýdymlar maslahata gatnaşyjylaryň göwün guşuny ganatlandyrdy.
Dabaraly maslahatda oňa gatnaşyjylaryň ählisi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Resul BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň we Mary şäher
halk maslahatynyň başlygy.