ÝYLYŇ ŞYGARY – KALBYMYZYŇ KELAMY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Mary welaýat adalat edaralarynyň ulgamynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramagynda Mary şäherindäki «Mary» myhmanhanasynda maslahat duşuşygy geçirildi.

«Ýylymyzyň şygary – kalbymyzyň kelamy» ady bilen geçirilen maslahat duşuşygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň mugallymy Merdan Orazmeredow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň agzasy Nagmat Hümmedow, Mary welaýat «Maru – şahu jahan» gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Sülgün Şadyýewa, Mary şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Maral Gulowa dagylar çykyş etdiler.

Çärede çykyş edenler 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginde aýratyn ähmiýetiň bardygy, şeýle-de ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky abraýy, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli hyzmatdaşlygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly ajaýyp eserleriniň halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanandygyny aýratyn belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz hoşallyklaryny beýan etdiler.

 

Yklymmyrat TUWAKMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary,

Mary welaýat halk maslahatynyň agzasy.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

28 Ýanwar 2025 | 115 okalan

SPORT: SAGDYNLYK, BAGTYÝARLYK