Ýakynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Sakarçäge etrap medeniýet bölüminde «Şanly ýylyň buýsanjy» ady bilen aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň Deputatlary, Sakarçäge etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri we etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.
Täsirli geçen duşuşykda Sakarçäge etrap häkiminiň orunbasary, TZB-niň Sakarçäge etrap bölüminiň başlygy Sülgün Babaýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow dagylar çykyş etdiler.
Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda tutumly işleriň amala aşyrylýandygy, zähmetsöýer halkymyzyň, şol sanda ýaş nesilleriň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigi, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynda uly many-mazmunyň bardygy hakynda durup geçdiler. Şeýle-de, üstümizdäki ajaýyp ýylymyzda öňde durýan wajyp meseleler, uly işler dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.
Merdan BEKMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Sakarçäge etrap Geňeşiniň başlygy.