Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň hem-de Baýramaly şäher bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Baýramaly şäheriniň 2-nji orta mekdebinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda «Sport – ýaşlaryň gujurly güýji» atly küşt ýaryşy geçirildi. Ýaryşda okuwçylar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýeňiji bolan we aýratyn tapawutlanan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Sport çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşan okuwçylar sport bilen yzygiderli meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Aýsona GELDIMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.