Täze ýylymyzyň ilkinji günlerinde aýdym-saz sungatynda, döredijilikde öz zehinleri bilen tapawutlanmagy başaran okuwçy ýaşlaryň ençemesine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy. Size şeýle bagta Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan mynasyp bolan ýaşlarymyzyň ýürek buýsançlaryny ýetirmegi makul bildik.
Näzli ATAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň ýöriteleşdirilen
53-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy,
Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi:
Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylmagy maňa bagtly pursatlary bagyş etdi. Ýurdumyzyň zehinli, öňdebaryjy ýaşlarynyň arasynda adymyň tutulmagy, meniň üçin uly bagt. Meniň begenjimiň çägi ýok. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde, ýurdumyzda ýaşlara berilýän üns, döredilýän mümkinçilikler günbe-günden artýar. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimden sagbolsun aýdýaryn!
Aýlar BABAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň
94-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy,
Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi:
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň ilkinji günlerinde Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Munuň üçin meniň begenjimiň çägi ýok. Şu ajaýyp pursatda ýaş nesilleriň geljegi üçin uly aladalary edýän, biz ýaşlary bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny çaga kalbymdan arzuw edýärin!
Taýýarlan: Akjagül AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.