Ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşy alnan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyzyň ilkinji günleri halkymyz, esasan hem, ýaş nesillerimiz üçin ýatdan çykmajak şatlykly pursatlara beslendi. Täze ýylyň ilkinji günlerinde aýdym-saz sungatynda, döredijilikde öz zehinleri bilen tapawutlanmagy başaran okuwçy ýaşlaryň ençemesi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi boldular. Gözellikler äleminiň bagtyýar döwründe, adamzat durmuşynyň iň bir bagtyýar döwri bolan çagalyk ýyllarynda ýatdan çykmajak buýsançly pursatlary başdan geçirýän nesillerimiz bu gün köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähli görnüşlerinde ýürek owazlaryny halkymyz bilen paýlaşýarlar. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndan şeýle bagta mynasyp bolan ýaşlarymyzyň ýürek buýsançlaryny Size ýetirmegi makul bildik.
Şirinjemal SAPARGELDIÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň
37-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy,
Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi:
Ata Watanymyzda ýaş nesilleriň aýdym-saz sungatynda, döredijilik äleminde zehinlerini we ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilip berilýär. Men hem kiçiligimden milli saz guraly bolan dutarda saz çalmaklyga we aýdym aýtmaklyga has höwesli boldum. Bilim alýan orta mekdebimizden daşary hem, Daşoguz şäherindäki çagalar sungat mekdebine gatnap, saz çalmagyň, aýdym aýtmagyň inçe tilsimlerini öwrendim. Bu ugra yhlasly ýapyşmagym, etrap, welaýat, döwlet derejesindäki bäsleşiklerde, baýramçylyk dabaralarynda, milli teleýaýlymlarymyzda yzygiderli çykyş etmegim, meniň Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi bolmagyma getirdi. Täze ýylyň ilkinji günlerinde gelip gowşan hoş habar meniň durmuşymdaky iň bagtyýar pursatlara öwrüldi. Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalbymdan joşup çykýan çäksiz alkyşlarymy aýdýaryn!
Akmeňli ATABAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň daşary ýurt dillerine
ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy,
Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi:
Ýurdumyzda nesillerimiziň ýaşlygyndan hünär saýlamaklaryna, şol hünäri kämilleşdirmeklerine giň şert döredilýär. Men hem ýaşlygymdan aýdym aýtmagy gowy görýärin. Häzirki wagtda okuwymdan boş wagtlarym Görogly etrabyndaky çagalar sungat mekdebine gatnaýaryn. Ýylyň-ýylyna zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän “Iň eýjejik gyzjagaz”, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly şadyýan bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldum. Ynha, bu ýylymyzyň ilkinji günleri hem, meniň durmuşymda ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Ýagny, maňa Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Bizi çuňňur mähir-alada bilen gurşap alýan Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Taýýarlan: Altyn ATAKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.