TÄZE KITAP – HALKYŇ RUHY NYGMATY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi, etrabyň Gubadag şäher medeniýet merkezinde edara-kärhanalaryň işgärleriniň, öňdebaryjy ýaşlaryň gatnaşmagynda Täze kitap halkyň ruhy nygmaty” atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşugyny geçirdi. Ondaky edilen çykyşlarda Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly täze kitabyndaky halkymyzyň şöhratly taryhy hem-de döredijilik mirasy, milli we ruhy gymmatlyklarymyz hakynda, kitapda ynsan kalbyny ýagşylyklara, älemi gowulyga atarýan, ata Watana, il-güne bolan belent söýgi, terbiýeçilik ähmiýetli gymmatly pikirler baý many-mazmuny babatynda giňişleýin bellediler.

Duşuşyk etrabyň Gubadag şäher medeniýet merkeziniň taýýarlan ajaýyp aýdym-sazlary bilen utgaşdy.

 

Çary SAPAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Fewral 2025 | 160 okalan

TALYP GÖZELLER BÄSLEŞDILER

25 Fewral 2025 | 370 okalan

BELENT ÖSÜŞLERE ŞANDYR BEDEWIM

22 Fewral 2025 | 144 okalan

SURAT ÇEKMEK BOÝUNÇA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI