ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANDY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde, mekdebiň mejlisler jaýynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli, aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirdi. Onda ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, bu ýylda giňden belleniljek hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy, hormatly Prezidentimiziň bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda üstünlikli alyp barýan hem-de dünýä jemgyýetçiliginde giňden goldanylýan içeri we daşary syýasaty dogrusynda täsirli çykyşlar edildi. Mekdebiň talyplarynyň ýerine ýetiren ajaýyp aýdym-sazlary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri bolup ýaňlandy.

 

Magsat OTUZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Meňzeş habarlar