ÝAŞLAR ÜÇIN TÄSIRLI BOLAN DUŞUŞYK

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabyň 2-nji orta mekdebinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ajaýyp zamanamyzda asylly däbe görä her bir ýylyň özüne mahsus şygar bilen atlandyrylmagy halkymyzyň ruhuny belende galdyryp, öňde duran möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ugrukdyrýan şamçyrag bolup hyzmat edýändigini uly buýsanç bilen bellediler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Döwlet BAÝRAMOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Wekilbazar etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar