Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň medeniýet öýünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çärä jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler her ýyly halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine, durmuşyna laýyk döwrebap şygar bilen atlandyrmagyň asylly däpleriň birine öwrülendigini, belent maksatlary kalbymyzda besläp, ajaýyp arzuwlar bilen garşy alnan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini buýsanç bilen belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagy arzuw etdiler.
Kakajan TÄÇGULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat
Geňeşiniň kätibi.