Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi, etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde guramaklarynda ösüp gelýän ýaş nesilleri millilik, zähmetsöýerlik, asyllylyk, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, şeýle-de ene-mamalarymyzdan miras galan milliligimizi, el işlerimizi dünýä ýaýmak maksady bilen etrap medeniýet merkeziniň girelge zalynda «Milli mirasym» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň medeni gymmatlyklarynyň, milli mirasynyň, taryhy ýadygärlikleriniň düýpli öwrenilip, giňden wagyz edilýändigi, halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan medeni mirasymyzy geljekki nesilleriň aňyna ýetirmek babatda möhüm işleriň durmuşa geçirilýändigi barada çykyşlara giň orun berildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milliligimize belent sarpa goýýan, medeni mirasymyzy has içgin öwrenmek ugrunda döwletli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.
Abat MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.