Ýakynda Balkan welaýat Kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň hem-de TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramagynda täze 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi şeýle hem hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň jemlenmegi bilen bagly «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşlik duşuşygynda çykyş edenler täze taryhy döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň barha giň gerime eýe bolýandygyny, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň täze eseriniň ýagny, «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly kitabynyň elimize gowuşmagyny, baý many-mazmuna eýe bolan bu kitapda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly geçirilen çäreler hakynda beýan edilýändigini buýsanç bilen bellediler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda bize ähli babatda ýol-ýörelge bolýan, parasatly öwüt-nesihatlaryny berýän, bagtyýar döwrümizden ruhlanyp ýaşamagy sargyt edýän, Watany söýmegiň we oňa hyzmat etmegiň beýik nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadygymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Hakmyrat KIŞJIKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet
konserniniň şahamçasynyň başlygy.