KITAP AÝDAR GEÇENI – KITAP ERTÄŇ AÇARY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda etrabyň 2115 harby bölüminiň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň barşynda bagtyýar halkymyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyna ýokary ruhubelentlik bilen gadam basandygy barada täsirli çykyşlar edildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň çapdan çykmagy hem beýik söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan döredijilik mirasynyň bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasydygy barada giňişleýin gürrüň berildi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli tutumlarynyň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

 

Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

29 Ýanwar 2025 | 1 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 1 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 1 okalan

WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI