Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde täze 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň täze «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabyny halkymyza peşgeş bermegini ýaşlarymyza wagyz etmek maksady bilen maslahat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ajaýyp zamanamyzda asylly däbe görä her bir ýylyň özüne mahsus şygar bilen atlandyrylmagy halkymyzyň ruhuny belende galdyryp, öňde duran möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ugrukdyrýan şamçyrag bolup hyzmat edýändigini uly buýsanç bilen bellediler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadygymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Baýramgül ESENOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet
konserniniň şahamçasynyň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.